Rus Ykdysadyýetiniň Önündäki Durnuksyzlyk Faktorlary Dowam Edýär

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin ykdysady galkynyşyn öňündäki durnuksyzlyga sebäp bolýan faktorlaryň dowam edýändigini aýtdy

1568610
Rus Ykdysadyýetiniň Önündäki Durnuksyzlyk Faktorlary Dowam Edýär

Wladimir Putin rus resmileri bilen ykdysady ugurlar boýunça wideo konferensiýa usulynda geçiren maslahatynda ýurduň ykdysadyýetinde 2020-nji ýylda başdan geçirilen ressesiýanyň esasy bölegi ösen we ösüp barýan ýurtlardan has pesdigini öňe sürdi.

Ýurdaky käbir makroykdysady görkezijileriň 2020-nji ýylyň ahyrynda koronawir epidemiýasyndan ozalky çäklere dolanyp barandygyny nygtan Putin: “Ykdysady galkynyşyň öňündäki durnuksyzlyk faktorlary dowam edýär. Hem Russiýada hem-de dünýäde dowam edýär. Olar epidemiýa, mejbury çäklendirmeler we global hyzmatdaşlygyň hem-de söwda gatnaşyklarynyň bozulmagynyň netijeleri” diýdi.

Ykdysadyýetde degişli kararlaryň wagtynda kabul edilmelidigini beýan eden Putin: “Ol ähli ýurt üçin oňyn goşant goşar. Maksadymyz Russiýada diňe bir makroykdysady görkezijileriň çökgünlikden ozalky çäklere göterilmegi däl, şol bir wagtda durnukly galkynyş ýoluna düşmegi” diýdi.

Rus ykdysadyýeti 2020-nji ýylyň üçinji çärýeginde 3,6 göterim aşaklan bolsa, Russiýanyň Merkezi bankynyň çaklamalaryna görä ýurduň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 4 göterime barabar aşaklamagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar