Koronawirus Dünýäde 2 Million 31 Müň Adamyň Ýogalmagyna Sebäp Boldy
Pakistanda Oxford-AstaZeneca firmasynyň Kowid-19 sanjymynyň gyssagly ulanylmagyna rugsat berildi
Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 31 müň 135, wirusa ýoluganlaryň sany 94 million 961 müň, sagalanlaryň sany 67 million 778 müň adamdan geçdi.
Hindistanda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 152 müň 311, wirusa ýoluganlaryň sany 10 million 559 müň 710 adama ýetdi.
Günorta Afrikada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 384 adam artyp 36 müň 851, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 325 müň 659 adama ýetdi.
Koronawirus Pakistanda 10 müň 951 adamyň ýogalmagyna, 519 müň 291 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy. Pakistanda Oxford-AstaZeneca firmasynyň Kowid-19 sanjymynyň gyssagly ulanylmagyna rugsat berildi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.