Jo Baýdeniň Kasam Ediş Dabarasynda Gaga Bilen Lopes Çykyş Eder

Kasam ediş dabarasy üçin Waşingtonda berk howpsyzlyk çäreleri görülýär

1564383
Jo Baýdeniň Kasam Ediş Dabarasynda Gaga Bilen Lopes Çykyş Eder

 

ABŞ-nyň prezidentligine saýlanan Jo Baýdeniň 20-njy ýanwarda geçiriljek kasam ediş dabarasynda Ledy Gaga bilen Žennifer Lopes konsert programmasy bilen çykyş eder.

Ledy Gaga dabarada ABŞ-nyň milli mukamyny ýerine ýetirer, Lopes hem konsert programmasy bilen çykyş eder.

Kasam ediş dabarasyna, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli hem-de 6-njy ýanwarda Kongresiň jaýyna girilmegi sebäpli az sanly adam gatnaşar.

Kasam ediş dabarasy üçin Waşingtonda berk howpsyzlyk çäreleri görülýär.

20 müň milli goragçy paýtagt Waşingtonda howpsyzlygy üpjün eder.



Degişli Habarlar