Tramp, Halka Dartgynlygyň Gowşamagy Üçin Çagyryş Berdi

Tramp, “Kanunlaryň basgylanmazlygy we haýsydyr bir ýere zeper ýetirilmezligi üçin duýduryş berýärin” diýdi

1563246
Tramp, Halka Dartgynlygyň Gowşamagy Üçin Çagyryş Berdi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, saýlanan prezident Jo Baýdeniň kasam ediş dabarasynyň öňüsyrasynda, halka “dartgynlygyň gowşamagy we parasatly çemeleşilmegi” üçin çagyryş berdi.

Tramp, beren ýazmaça beýannamasynda, Baýdeniň 20-njy ýanwarda geçiriljek kasam ediş dabarasy sebäpli uly protest ýörişleriniň geçirlip bilinjekdigi hakyndaky habarlara ünsi çekdi.

Tarapdarlaryna ýüzlenen Tramp, “Kanunlaryň basgylanmazlygy we haýsydyr bir ýere zeper ýetirilmezligi üçin duýduryş berýärin” diýdi.

6-njy ýanwarda paýtagt Waşingtondaky Milli seýilgähde bir ýere jemlenşen Trampa goldaw berýän on müňlerçe protestçy Kongresiň jaýyna tarap ýöräpdi.

Polis barrikadalaryny geçen protestçylaryň bir bölegi Kongresiň jaýyna giripdi.

Başdan geçirlen wakalarda 1-i polis 5 adam ýogalypdy.

Wakalaryň basyp ýatyrylmagy üçin Kongrese ABŞ-nyň Milli goragçylary ornaşdyrlypdy.

 

 



Degişli Habarlar