Katolikleriň Ruhani Lideri Koronawirus Sanjymyny Etdirdi

Watikanda sanjym tapgyry düýn başlapdy

1563843
Katolikleriň Ruhani Lideri Koronawirus Sanjymyny Etdirdi

Katolikleriň ruhani lideri we Watikanyň Döwlet Baştutany Papa Fransisk täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen Kowid-19 sanjymyny etdirdi.

Watikanyň Metbugat geňeşçisi Matteo Bruni, “Watikanyň Şäher döwleti tarapyndan başladylan sanjym meýilnamasynyň çäginde Papa Fransisk 1-nji sanjymyny etdirdi” diýdi.

Watikanda sanjym tapgyry düýn başlapdy.

Papa 9-njy ýanwarda beren beýannamasynda koronawirus sanjymyny etdirjekdigini aýdypdy.

 



Degişli Habarlar