Serbiýada sil apaty sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

10 müňden gowrak öýüň we iş ýerleriniň elektrik toksuz galandygy mälim edildi

1562249
Serbiýada sil apaty sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Serbiýanyň iň uly şäherleriniň biri bolan Niş bilen birlikde Leskowas, Dolewas, Boýnik, Wlasotnisa, Wladisin Han we Gadzin Han şäherlerinde sil apaty sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. 

10 müňden gowrak öýüň we iş ýerleriniň elektrik toksuz galandygy mälim edildi. 

Serbiýanyň Ýangyn söndüriji gullugyndan berilen ýazmaça beýanatda, toparlaryň sil apatlarynyň täsir ýetiren ýerlerinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmäge dowam edýändigi, esasan hem ekin meýdanlaryna zyýan ýetirendigi habar berildi. 

Serbiýanyň Içeri işler ministrligi, şu gün irden ýagyşyň täsiriniň azalmaga başlamagy bilen ýagdaýyň gözegçilik astyna alynandygyny we derýalardaky suwyň çekilmäge başlandygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Serbiýa

Degişli Habarlar