Britaniýa, Türkiýe Bilen Gresiýanyň Arasynda Başlajak Geňeşmelerden Hoşal

"Türkiýe bilen Gresiýa, Britaniýanyň ýakyn dostlary we NATO-daky esasy hyzmatdaşlary”

1562709
Britaniýa, Türkiýe Bilen Gresiýanyň Arasynda Başlajak Geňeşmelerden Hoşal

 

Britaniýanyň Ýewropadan jogapkär Döwlet ministri Wendi Morton, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda geňeşmeleriň başlamagy hakynda kabul edilen karardan hoşaldyklaryny aýtdy.

Morton, geňeşmeleriň Gündogar Ortaýer deňizinde durnuklylygyň üpjün edilmegine goşant goşjakdygyny nygtady.

Wendi Morton, Twitterden beren habaramasynda, Türkiýe bilen Gresiýany “Britaniýanyň ýakyn dostlary we NATO-daky esasy hyzmatdaşlary” hökmünde häsiýetlendirdi.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky geňeşmeleriň 61-nji tapgyrynyň 25-nji ýanwarda Stambulda başlajakdygy habar berlipdi.



Degişli Habarlar