ABŞ-da ýaragly hüjümçi 5 adamy öldürdi

ABŞ-nyň Çikago şäherinde ýaragly hüjümçi şäheriň biri-birinden tapawutly ýerlerinde od açyp ýaralan 7 adamyň 5-si ýogaldy

1560874
ABŞ-da ýaragly hüjümçi 5 adamy öldürdi

Çikago şäheriniň polisiýa gullugy, adynyň Jeýson Naýtengeýldigi aýan edilen ýaragly hüjümçiniň, günüň tapawutly sagatlarynda od açyp ýaralan 7 adamyň 5-siniň ýogalandygyny habar berdi. 

Ýogalan adamlaryň arasynda uniwersidediň talyby, restoranyň işgäri we howpsuzlyk gullukçysy bolan 2 zenan bar. 

Polisiýa işgärleri başdan geçirilen ýaragly çaknyşykda täsirsiz ýagdaýa getirilen Jeýson Naýtengeýle garşy ozal ençeme gezek kazyýet işiniň gozgalandygy mälim edildi. 

32 ýaşyndaky hüjümçä garşy 2005-nji ýylda ýarag we neşe maddalary bilen bagly kanunlaryň bozulmagy, ýaragly hüjüm, bidüzgünçilikli hereketler we maşgalada zorluk ýaly meseleler boýunça ençeme gezek kazyýet işiniň gozgalandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar