Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä, Wladimir Putin, Prezident Rejep Taýýip Erdogana Täze ýyl mynasybetli gutlag hat ugratdy

1554696
Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, öňümizdäki ýyl Moskwanyň we Ankaranyň Ýewraziýada howpsuzlygyň we durnuklylygyň güýçlendirilmegi ugrunda netijeli ýagdaýda hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdigine ynanýandygyny beýan etdi. 

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä, Wladimir Putin, Prezident Rejep Taýýip Erdogana Täze ýyl mynasybetli gutlag hat ugratdy. 

Gutlag hatynda Russiýa-Türkiýe gatnaşyklarynyň ähli tankydy ugurlar boýunça dowam etmeginden hoşaldygyny bellän Putin, kyn lukmançylyk we epidemiologiki şertlere garamazdan, syýasy dialogyň dowam etdirilýändigini, energetika pudagynda möhüm umumy taslamalaryň sistemalaýyn häsýetde durmuşa geçirilýändigini, harby-tehniki, söwda-ykdysady we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejede dowam edýändigini habar berdi. 

Putin: "Öňümizdäki ýyl Moskwanyň we Ankaranyň Ýewraziýada howpsuzlygyň we durnuklylygyň güýçlendirilmegi ugrunda, rus we türk halklarynyň bähbitlerini doly ýagdaýda üpjün etjek häsýetde ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirjekdigimize ynanýaryn" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar