“Ysraýylyň Tussaghanalaryndaky Palestinalylara Kowid-19 Sanjymy Edilmesin”

“Haares” gazeti şol görkezmäniň Jemgyýet howpsyzlygy ministri tarapyndan berilendigini ýazdy

1553006
“Ysraýylyň Tussaghanalaryndaky Palestinalylara Kowid-19 Sanjymy Edilmesin”

Ysraýylyň Jemgyýet howpsyzlygy ministri Amir Ohananyň Ysraýylyň tussaghanalaryndaky palestinaly “howpsyzlyk” tussaglaryna “koronawirus sanjymynyň edilmezligi” hakynda görkezme berendigi ýüze çykdy.

“Haares” gazetiniň habarynda Saglygy goraýyş ministrliginiň düzgünnamasyna garamazdan Ohananyň Ysraýylyň tussaghanalaryndaky “howpsyzlyk” tussaglaryna Kowid-19 sanjymynyň edilmezligi üçin geçen hepde degişli guramalara görkezme berendigi beýan edilýär.

Tussaglaryň Ysraýylda Kowid-19-a garşy sanjymlanjak ikinji topara degişlidigi hakyndaky Saglygy goraýyş ministrliginiň düzgünnamasyna garamazdan Ohahanyň diňe tussaghananyň gullukçylaryna sanjym edilmegi boýunça buýruk berendigi habar berildi.

Habarda Jemgyýet howpsyzlygy ministrliginden berilen görkezmede “palestinaly” frazasynyň ýazylmandygy, emma Ysraýylyň tussaghanalarynda palestinalylardan daşgary “howpsyzlyk” tussaglarynyň ýokdugy nygtalýar.

Ysraýylyň tussaghanalaryndaky palestinalylaryň esasy bölegi “howpsyzlyk” tussagy hökmünde häsýetlendirilýär.



Degişli Habarlar