Russiýada balyk tutýan gäminiň batmagy netijesinde 17 adam ýogaldy

Beýanatda gämidäki ähli balykçylaryň Russiýanyň raýatlary bolandygy mälim edildi

1553238
Russiýada balyk tutýan gäminiň batmagy netijesinde 17 adam ýogaldy

Demirgazyk buzly okeanynyň Norwegiýa we Russiýa döwletleriniň arasynda ýerleşýän Barents deňizi böleginde ruslara degişli balyk tutýan gäminiň batmagy netijesinde 17 adam ýogaldy. 

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, şu gün Onega atly balykçy gäminiň deňizdäki buzlary süsüp batandygy habar berildi. 

Ministrlik gämidäki 19 adamlyk ekipažyň 2-siniň halas edilendigini, emma 17 adamyň bolsa halas edilip ýetişilmändigini beýan etdi. 

Beýanatda gämidäki ähli balykçylaryň Russiýanyň raýatlary bolandygy mälim edildi. 


Etiketkalar: #batmak , #balykçy , #gämi , #Russiýa

Degişli Habarlar