ABŞ-nyň Naşwill şäherindäki partlama kamikaze hüjümidigi ýüze çykdy

ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň Naşwill şäherinde bolan partlamada 3 adam ýaralanypdy

1553007
ABŞ-nyň Naşwill şäherindäki partlama kamikaze hüjümidigi ýüze çykdy

ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň Naşwill şäherinde, Roždestwo güni irden bolan partlama bilen arabaglanşyklydygy pikir edilen 63 ýaşyndaky Entoni Kuinn Uorneriň kamikaze hüjümçisidigi aýan edildi. 

Tennessi ştatynyň prokurory Don Kokran geçiren metbugat ýygnagynda: "Entoni Kuinn Uorner atly şahsyýetiň kamikaze hüjümçisidigi barada netijä geldik. Bomba partlan mahaly ol ýerdedi we wakada özi hem ýogaldy" diýip habar berdi. 

Derňew işni geçiren federal resmi Dewid Rauş bolsa partlamanyň bolan ýerinde anyklanan bölekleriň geçirilen DNK testleriniň netijesinde Uornere degişlidigini anyklanandygyny mälim etdi. 

Uorneriň şäheriň merkezinde ulagy bilen birlikde özüni partladandygyny aýdan resmiler, kamikaze hüjümçisiniň ýeke başyna hereket edendigine ynanýandyklaryny beýan etdiler. Resmiler, partlamanyň näme sebäpli guralandygyny anyklap bilmändiklerini bellediler. 

ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň Naşwill şäherinde bolan partlamada 3 adam ýaralanypdy, hassahanda bejergi astyna alynan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň kadalydygy habar berildi.



Degişli Habarlar