Eýran Nebit-Gaz Pudagynda Russiýa Bilen Hyzmatdaşlyk Eder

Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene Russiýada saparda boldy

1549855
Eýran Nebit-Gaz Pudagynda Russiýa Bilen Hyzmatdaşlyk Eder

 

Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene, Russiýa bilen nebit-gaz pudagy boýunça tehniki taýdan hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýtdy.

Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene, Russiýanyň paýtagty Moskwada Wise-premýer Aleksander Nowak we Energetika ministri Nikolaý Şulginow bilen duşuşdy.

Iş sapary hakynda Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat beren Zengene, rus ýolbaşçylar bilen nebit bazarynyň durnuklylygy hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Zengene “Rus ýolbaşçylar bilen geçiren gepleşiklerimizde nebit-gaz pudagynda tehnalogiýa taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin ylalaşyk gazandyk. Russiýa soňky ýyllarda dünýäniň nebit bazarynda durnuklylygyň üpjün edilmeginde uly rol oýnaýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar