Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 54 million 106 müň adamdan geçdi

1549126
Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 700 müň adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 77 million 190 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 54 million 106 müň adamdan geçdi.

Hindistanda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 145 müň 843 adama ýetdi, wirusa ýoluganlaryň sany 10 million 56 müň 248 adama ýetdi.

Kowid-19 epidemiýasynyň ýüze çykan ýeri bolan we 4 müň 634 adamyň ýogalan Hytaýda, soňky 24 sagatda adam ýitgisi çekilmedi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 23 adamlyk artyş bilen 86 müň 852 adama ýetdi.

Günorta Koreýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 698 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 50 müň 591 adama ýetdi.

Saud Arabystany, käbir ýurtlarda Kowid-19 epidemiýasynyň has çalt ýaýraýan görnüşiniň ýüze çykmagy sebäpli, 1 hepdeligine ähli halkara uçar saparlaryny wagtlaýyn goý bolsun edendigini mälim etdi.

Katar öňümizdäki ýyl durmuşa geçirmegi meýilleşdiren Kowid-19 sanjymynyň şu aý başladyljakdygyny habar berdi.

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň say 59 müň 195 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 523 müň 478 adama ýetdi. Koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany Günorta Afrikada 24 müň 691 adama, Müsürde 7 müň 98 adama, Marokkoda 6 müň 957 adama ýetdi. Seýşel adalarynda we Eritreýada adam ýitgisi hasaba alynmady. Kowid-19-a ýoluganlaryň sany Günorta Afrikada 921 müň 922 adama, Marokkoda 417 müň 125 adama, Müsürde bolsa 125 müň 555 adama ýetdi.

Marokkoda Britaniýada koronawirusyň çalt ýaýraýan täze görnüş mutasiýasynyň anyklanmagyndan soň, bu ýurda guralýan uçar saparlaryny gysga wagtlyk togtatmak barada karar kabul edildi.

Gananyň döwlet baştutany Nana Akuffo-Addo, ýurtda wirusa ýolugýanlaryň sanynyň artmagy sebäpli öňüni alyş çäreler bilen bagly çäklendirmeleriň ýaňadandan ýola goýulandygyny habar berdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Eýranda 53 müň 625 adama, Russiýada, 50 müň 858 adama, Indoneziýada 19 müň 880 adama we Yrakda 12 müň 697 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar