Merkeliň Şahin We Türeji Hakyndaky Öwgüli Sözleri
"Türk immigrantlaryň çagalary Prof. Dr. Ugur Şahin bilen Özlen Türejiniň koronawirusa garşy sanjym oýlap tapmaklaryndan diýseň bagtyýar”
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, täze görnüş koronawirusa garşy sanjym taýarlan BioNTec firmasynyň esaslandyryjylaryndan türk immigrantlaryň çagalary Prof. Dr. Ugur Şahin bilen Özlen Türeji hakynda öwgüli sözler aýtdy.
Merkel, Germaniýanyň 16 şäherinde türk we nemes dillilerinde ýaýlym berýän “Metropol” radio gepleşigine beren beýannamasynda, “BioNTec firmasynyň esaslandyryjylaryndan türk immigrantlaryň çagalary Prof. Dr. Ugur Şahin bilen Özlen Türejiniň koronawirusa garşy sanjym oýlap tapmaklaryndan diýseň bagtyýar”diýdi.
BioNTec firmasynyň sanjymynyň ýanwar aýynyň başynda Ýewropada ulanylmaga başlanjakdygyny nygtan Merkel, Kowid-19 epidemiýasynyň öňüni almak üçin jemgyýetde 70 göterimlik çydamlylygyň emele getirilmelidigine ünsi çekdi.
Merkel, “Sanjym işleri birnäçe aý dowam edip biler. Ilkinji nobatda ýaş ulular we saglygy goraýyş işgärleri goralmaly” diýdi.
Türklerde maşgalanyň ýaş ulularyna uly sarpa goýulýandygyny nygtan Merkel, “Türklerde maşgalanyň ýaş ulularyna uly sarpa goýulýar, ýaş ulularymyzy aýratyn goralyň. Jemgyýetde çydamlylyk emele getirilende-de birnäçe wagt dost-ýarlar bilen fiziki aýratynlyga üns bereliň” diýdi.
Degişli Habarlar
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 431 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
BMG:Siriýadaky geçiş etabynda geçmişde jenaýat edenler jerimesini çekmeli
Syýasy geçiş etabynda, adam hukuklaryny basgylanlaryň adalatyň öňünde jogap bermelidigi nygtaldy.