Lufthansa 29 Müň Işgärini Işden Çykarar

Firmanyň, döwletiň beren kömegine garamazdan şu ýyl çeken ýitgisi 5 milliard 600 million ýewro çenli baryp ýetdi

1541032
Lufthansa 29 Müň Işgärini Işden Çykarar

 

Germaniýanyň iň uly howa ýoly firmasy Lufthansa, üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 29 müň işgärini işden çykarar.

Firma, daşary ýurtdaky şahamçalarynda işleýän 20 müň adamy işden çykarjakdygyny mälim etdi.

Nemes “Bild am Sonntag” gazetinde berlen habara görä, Lufthansa, geljek ýyl hem azyndan 10 müň adamy işden çykarmagy meýilleşdirýär

Firmanyň, döwletiň beren kömegine garamazdan şu ýyl çeken ýitgisi 5 milliard 600 million ýewro çenli baryp ýetdi.

 

 



Degişli Habarlar