Germaniýa ABŞ-a we Eýrana çagyryş berdi

Germaniýa ABŞ-a we Eýrana ýadro gepleşikleriň ýaňadandan başladylmagy barada çagyryş berdi

1539801
Germaniýa ABŞ-a we Eýrana çagyryş berdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas, ABŞ-nyň we Eýranyň ýadro ýaraglar babatynda ýaňadandan gepleşikler stoluna gaýdyp gelmelidiklerini belledi. 

Haýko Maas, Der Spiegel žurnalyna beren beýanatynda, Eýran bilen ozalky ylalaşyga gaýdyp gelmegiň ýeterlik bolmajakdygyny belläp: "Biziň hem bähbidimize boljak we düzümine goşmaçalar giriziljek ylalaşyk bolmalydyr. Eýrandan anyk garaşýan hereketlerimiz bar, ýadro ýarag bolmaly däl, şol bir wagtda ähli sebite howp salýan ballistik raketa programmasy hem bolmaly däl. Eýranyň hem sebitde oýnajak tapawutly bir roly bar. Bu ylalaşyga Eýrana bolan ynamsyzlygymyz sebäpli zerurlygymyz bar. Muny şonsyz hem fransuz we iňlis kärdeşlerim bilen maslahatlaşdym" diýip habar berdi. 

ABŞ-nyň Eýrana garşy goýan embargolaryny gowşadyp-gowşatmajakdygy bilen bagly signallaryň gepleşikler üçin kesgitleýji boljakdygyny aýdan Maas: "ABŞ-nyň we Eýranyň gepleşikler geçirmegi zerur. Eýranyň öňümizdäki ýyl Prezident saýlawlary boljakdygy üçin wagty azalýar" diýip belledi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #Germaniýa , #Eýran

Degişli Habarlar