Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň Gazna şäherinde bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 31 adam ýogaldy, 24 adam ýaralandy

1536399
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Tolo News tarapyndan berilen habara görä, Gazna welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Wahidullah Jumazada, Gazna şäherinde döwlet howpsuzlyk binasynyň golaýynda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guralandygyny habar berdi. 

Jumazada, hüjümde 31 adamyň ýogalandygyny, 24 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi. 

Habarda, hüjümiň dolulygyna partlaýjy bomba bilen doldurylan Humwee kysymly ulag bilen guralandygy we hüjümiň guralan mahaly binada desant güýçleriniň bardygy aýan edildi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan ýok. 


Etiketkalar: #Gazna , #bina , #hüjüm , #Owganystan

Degişli Habarlar