Ermenistanyň Prezidenti Sarkisýan, Hökümetiň Iş Başyndan Çekilmegini Isledi

Sarkisýan, Daglyk Garabag ylalaşygyny we ermenileriň Garabagdan çekilmegini “uly pajyga” hökmünde häsiýetlendirdi

1536843
Ermenistanyň Prezidenti Sarkisýan, Hökümetiň Iş Başyndan Çekilmegini Isledi

 

Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan, hökümetiň iş başyndan çekilmegini isledi.

Prezident Armen Sarkisýan, Russiýadaky ermeni jemagatynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda, ermeni hökümeti hakynda tankydy bellikler aýtdy.

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň Daglyk Garabag meselesinde Azerbaýjan bilen gazanan ylalaşygyny we ermenileriň Garabagdan çekilmegini “uly pajyga” hökmünde häsiýetlendiren Sarkisýan “Şeýle uly pajyganyň başdan geçirilmegine sebäp bolan hökümet iş başyndan çekilmeli” diýdi.

Sarkisýan, ýurtdaky ýagdaýyň saýlawyň geçirlen ýyly bolan 2 ýyl ozalky ýagdaý bilen deňeşdirlende has tapawutlydygyna ünsi çekdi we wagtlaýyn milli jebislik hökümetiniň gurulmagyny we irki saýlawyň geçirilmegini teklip etdi.

Ähli syýasy partiýalaryň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda teknokrat hökümetiň gurulmagyny teklip eden Sarkisýan, şol hökümetiň 6 aýda ýada 1 ýylda ýurtda irki saýlaw geçirip biljekdigini nygtady.



Degişli Habarlar