Kovid-19 dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 42 million 441 müň adamdan geçdi

1535495
Kovid-19 dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 438 müň adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 61 million 362 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 42 million 441 müň adamdan geçdi. 

Eýranda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 46 müň 689 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 908 müň 346 adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgisi 135 müň 752-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 9 million 309 müň adama ýetdi. 

Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 38 müň 558 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 2 million 215 müň adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli 2 müň 22 adamyň ýogalan Ýaponiýada wirusa ýoluganlaryň sany 137 müň 261 adama ýetdi. Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň her täze ýylda geçirýän täze ýyl salamlaşmak çäresi, wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli goý bolsun edildi. 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Indoneziýada 16 müň 352 adama, Liwanda 974 adama, Iordaniýada 2 müň 509 adama, Yrakda 12 müň 125 adama, Palestinada 767 adama, Liwiýada 1 müň 140 adama, Katarda 237 adama we Kuweýtde 872 adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 297 adamlyk artyş bilen jemi 51 müň 33 adama ýetdi. Materikde wirus ýokanlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 13 müň 927 adam artyp, 2 million 134 müň 283 adamdan geçdi. Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrikada 21 müň 289 adama, Müsürde 6 müň 596 adama, Marokkoda bolsa 5 müň 619 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar