Türk Alymlary Ugur Şahin Bilen Özlem Türejinin Üstünligi Göreldeli Häsýete Eýe

Halkara Migrasiýa guramasynyň 111-nji Sessiýasynda koronawirusa garşy sanjym oýlap tapan türk alymlary Ugur Şahin bilen Özlem Türejiniň üstünligi görelde hökkmünde görkezildi

1533912
Türk Alymlary Ugur Şahin Bilen Özlem Türejinin Üstünligi Göreldeli Häsýete Eýe

BMG-niň Migrasiýa guramasynyň Baş direktory Antoniu Witorino guramanyň Şweýsariýanyn Ženewa şäherindäki merkezinde geçirilen Sessiýasynda çykyş etdi.

Witorino Kowid-19-a garşy iň umytlandyryjy sanjymlardan birini oýlap tapan alymlardan ikisiniň türk immigrantlarynyň çagalary bolmagynyň, migrasiýasynyň hakykatdan hem hemmeler üçin bähbit getirip biljekdigini nygtady.

Ugur Şahin 1965-nji ýylda Türkiýäniň İskebderun şäherinden dünýä indenden soň 4 ýaşynda ejesi bilen Germaniýada “Ford” awtoulag zawodunda işleýän kakasynyň ýanyna göçüp, lukmançylyk bilimini alandan soň rak keselene garşy ylmy barlaglara gatnaşypdy. Şahin 2019-njy ýylda geçiren barlaglary mynasybetli Nemes rak barlaglary merkeziniň sylagyna laýyk görülipdi.

Stambuldan Germaniýa göçen lukman kakanyň gyzy Özlem Türeji bolsa adamsy Ugur Şahin bilen Gamburgyň Saarland uniwersitetinde okaýarka tanyşýar.

Germaniýada biotehnologiýa firmasy “BioNtechiň” Kowid-19-a garşy taýarlan sanjymynyň 95 göterim netijelidiginiň beýan edilmeginden soň firmanyň esaslandyryjylaryndan bolan türk immigrantlarynyň çagalary Professor Ugur Şahin we lukman Özlem Türeji bütin adamzatda umyt döreden üstünlige eýe boldy.



Degişli Habarlar