ABŞ Açyk Asman Ylalaşygyndan Çekildi

ABŞ-nyň hökümeti düýn Russiýa bilen ýarag gözegçiligini düzgünleşdirýän Açyk Asman ylalaşygyndan çeildi

1532337
ABŞ Açyk Asman Ylalaşygyndan Çekildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat geňeşçisiniň kömekçisi Kale Brown beren ýazmaça beýanatynda, Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda ylalaşykdan çekilýändigi barada karar kabul edendigini ýatladyp: "Kararyň durmuşa geçirilmegi üçin gerek bolan 6 aýlyk möhlediň dolmagy sebäpli ABŞ-nyň Açyk Asman ylalaşygyndan çekilmek işleri, 2020-nji ýylyň 22-nji noýabrynda güýje girdi. ABŞ mundan beýläk ylalaşygyň düzümine girmeýär" diýip belledi. 

Russiýa we ABŞ, harby hereketlerde açyklygy üpjün etmek, ýarag gözegçiligini we beýleki ylalaşyklara gözegçiligi ýeňilleşdirmek maksady bilen ýaragsyz gözegçilik uçularyyna rugsat beren Açyk Asman şertnamasyna gol çeken 34 ýurdyň arasyndady.

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geografiýasynda ynam we howpsuzlyk artdyryjy çäre hökmünde göz öňünde tutulan we 1992-nji ýylda döredilen Açyk Asman ylalaşygynyň agzalarynyň arasynda Türkiýe hem bar. 



Degişli Habarlar