Owganystanda minomýot bilen guralan hüjümde asuda ilatdan ençeme adam ýogaldy

Taliban hüjüm bilen baglanşykly beýanat bermedi

1530563
Owganystanda minomýot bilen guralan hüjümde asuda ilatdan ençeme adam ýogaldy

Owganystanyň Kunduz welaýatynda minmýot bilen guralan hüjümde aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan asuda ilatdan jemi 7 adam ýogaldy.

Kunduz welaýatynyň Taluka etrabynda asuda ilatyň ýaşaýan ýerine minomýotlar bilen hüjüm guraldy. 

Owganystanyň Goranmak ministrligi, Taliban tarapyndan guralan hüjümde aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan asuda ilatdan jemi 7 adamyň ýogalandygyny, 6 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Taliban hüjüm bilen baglanşykly beýanat bermedi. 

Kunduz welaýatynyň Ymam Sahip we Desti Arçi etraplarynda soňky günlerde Owganystanyň Howpsuzlyk güýçleri bilen Talibanyň arasynda ýaragly çaknyşyklar bolýar. 



Degişli Habarlar