Türkiýe Filippinlere gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1530301
Türkiýe Filippinlere gynanç bildirdi

Türkiýe Filippinlere tropiki tupan sebäpli emele gelen sil apatynda we ýer süýşügnlerinde ýogalan adamlar zerarly gynanç bildirdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Filippinlerde Molawe, Goni we Wamko tropiki tupanlar sebäpli emele gelen sil apatlarynyň we ýer süýşgünleriniň 100-den gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolandygy, uly zyýan çekilendigi we ýurdyň paýtagty Manila şäheriniň ýerleşýän Luzon adasynyň apat zolagy hökmünde yglan edilendigi baradaky habarlar uly gynanç bilen kabul edildi" diýip bellendi. 

Ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna, Filippiniň halkyna we hökümetine çuňňur gynanç bildirilen beýanatda, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklary dilendi. 



Degişli Habarlar