Ysraýyl Siriýa howa hüjümini gurady

Ysraýylyň goşuny düýn Siriýa serhediniň Ysraýyl tarapynda köp mukdarda partlaýjy maddanyň bardygyny beýan edipdi

1529923
Ysraýyl Siriýa howa hüjümini gurady

Ysraýylyň goşuny, Siriýada Asada tabynlykdaky güýçlere we Eýranyň Ynkylap goragçylaryna degişli Iýerusalim güýjüniň harby merkezlerini nyşana alyp, howa hüjümlerini gurady. 

Ysraýylyň goşunyndan berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň harby uçarlarynyň Asada tabynlykdaky güýçlere we Iýerusalim güýjüne degişli aralarynda ammarlar bilen howa goranyş ulgamlary bolan jemi 8 aýry nokady nyşana alyp, howa hüjümlerini gurandygy mälim edildi. 

Howa hüjümleriniň düýn Siriýa serhediniň Ysraýyl tarapynda bardygy habar berilen köp mukdardaky partlaýjy maddalar sebäpli guralandygy aýan edildi. 

Asada tabynlykdaky güýçlere degişli SANA habarlar agentligi, harby çeşmelere esaslanyp beren habarynda, Ysraýylyň gabaw astyndaky Golan Depeleriniň üstünden geçip ýerli wagt bilen sagat 03:11-de Damaskyň günortasyndaky käbir harby nokatlara howa hüjümlerini gurandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň goşuny düýn Siriýa serhediniň Ysraýyl tarapynda köp mukdarda partlaýjy maddanyň bardygyny beýan edipdi. 



Degişli Habarlar