Deňiz Süýdemdirijilerine Koronawirusıň Ýokaşma Howpy Bar

Deňiz süýdemdirijilerine suw arkaly koronawirusyň ýokaşyp biljekdigi kesgitlendi

1526679
Deňiz Süýdemdirijilerine Koronawirusıň Ýokaşma Howpy Bar

“The Daily Mail” gazetiniň habar bermegine görä Kanadada Halifaks Dalhous uniwersitetiniň geçiren ylmy barlaglarynde kit, delfin, fok ýaly deňiz süýdemdirijileriniň koronawirusa ýolukma ähtimallygy öwrenildi.

Ylmy barlagda 36 deňiz süýdemdirijisiniň genomlary öwrenilip, şolardan azyndan 15 sanysynyň koronawirus howpyna sezewardygy anyklandy.

Alymlar deňiz süýdemdirijilerindäki “Angiotensin işläp çykaryjy ferment 2” atly protein fermentiniň epidemiýany kabul etmäge meýillidigini öňe sürdi.

Deňiz süýdemdirijileriniň adamlara görä wirusdan has goragsyzdygyny nygtaýan alymlar, nesli gutaryp barýan deňiz jandarlarynyň indi suw arkaly hassalyga sezewar bolup biljekdigini duýdurdy.

Ylmy toparyň agzalaryndan Graham Dellair deňiz süýdemdirijileriniň ozal hem janyna howpsalýan bagyra we öýkene zeper ýetirýän dürli Kowid-19 görnüşlerine ýolugandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar