Ukrainanyň Prezidenti hassahana ýatyryldy

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, hassahana ýatyryldy

1526384
Ukrainanyň Prezidenti hassahana ýatyryldy

Wladimir Zelenskiý hassahana ýatyrylmadan ozal Kovid-19 testiniň položitel çykandygyny habar beripdi. 

Ukrainanyň mediasynda berilen habara görä, Prezident köşgüniň mesele bilen bagly soraglara jogap bermeýändigi aýan edildi. 

Wladimir Zelenskiý, birnäçe gün ozal sosial media hasabyndan beren beýanatynda, görülen ähli öňüni alyş çärelere garamazdan Kovid-19 testiniň položitel çykandygyny mälim edipdi. 

Özüni karantin astyna aljakdygyny aýdan Zelenskiý: "Ençeme adam Kovid-19-yň hötdesinden gelýär. Men hem hötdesinden gelerin. Ähli zat gowy bolar" diýip belläpdi. 



Degişli Habarlar