Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Arasynda Gazanylan Ylalaşyga Seslenmeler Dowam Edýär

Daglyk Garabag düşnüşmezligi boýunça gazanylan ylalaşygyň çäginde düýn hüjümleriň bes edilmegi dünýä mediasynda giň seslenme döretdi

1525364
Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Arasynda Gazanylan Ylalaşyga Seslenmeler Dowam Edýär

“CNN İnternational” habarlar ýaýlymy “Ermenistanyň ylalaşyga gol çekmäge mejbur bolandygy beýan edildi”  diýip, habar berdi.

“Woll Street Journal” gazeti Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň “Bu ylalaşyk Ermenistanyň harby ýeňilişini aňladýar” diýen sözlerine orun berdi.

Britaniýanyň jemgyýetçilik ýaýlym edarasy “BBJ” Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň ylalaşyga gol çekmäge mejbur bolandygyny beýan etdi.

“Reýter” habarlar gullugy bolsa “Ermenistan, Azerbaýjan we Russiýa Daglyk Garabag düşnüşmezligini çözmek üçin ylalaşyga gol çekişildi” söz başysyny saýlap aldy.

“Daily Telegraph” bolsa Aliýewiň Paşinýana ýüzlenip “Ony şu resminama gol çekmge mejbur etdik. Bu aslyna seredilende boýun egmekdir” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Fans 24” ýaýlymy bolsa Azerbaýjanyň dartgynlygy sebiti yzyna almak üçin alyp baran göreşinde ýeňiş gazanmagyndan soň Ermenistan bilen Azerbaýjanyň birnäçe hepde dowam eden çaknyşyklary bes etmek üçin Russiýa bilen ylalaşyk gazanandygyny habar berdi.

Germaniýanyň “Deutsjhe Welle” ýaýlymy wakany “Ermenistan, Russiýa, Azerbaýjan, Garabag söweşini bes etmek üçin ylalaşyga gol goýdy” söz başysy bilen berdi.

Hytaýyň “Sinhua” habarlar gullugy bolsa wakany “Russiýa, Azerbaýjan we Ermenistan Garabagda ylalaşdy” söz başysyny ulanýar.

 



Degişli Habarlar