Awstraliýada Kovid-19 sanjymynyň önümçilgine başlandy

Awstraliýadaky laboratoriýalaryň biri koronawirus sanjymynyň önümçilgine başlady

1524696
Awstraliýada Kovid-19 sanjymynyň önümçilgine başlandy

Global biotehnologiýa kärhanasy CSL, synaglaryň 3-nji tapgyry tamamlanmadan Melburn şäherinde Oksford-AstraZeneka sanjymynyň önümçiligine başlajakdyklaryny habar berdi. 

Kärhananyň Ylmy bölüminiň başlygy Endrýu Naş beren beýanatynda, kliniki synaglaryň netijesi oňyn geçen halatynda soňky tapgyr tassyklanmadan ozal sanjymyň gysga wagtyň içinde halkyň ulanylmagyna taýar ýagdaýa getirjekdiklerini habar berdi. 

Aslynda sanjymyň 3-nji tapgyr synaglarynyň şu ýylyň ahyrynda tamamlanmagyna garaşylýardy. 

Awstraliýa, Britaniýa-Şwesiýa derman kärhanasy  AstraZenekanyň Oksford uniwersiteti bilen bilelikde oýlap tapan Kovid-19 sanjymynyň önümçiligi we üpjünçiligi üçin öndürijiler bilen 1,7 milliard dollarlyk şertnama baglaşypdy, sanjymyň raýatlara mugt ediljekdigini mälim edipdi. 

AstraZeneka kärhanasynyň Oksford uniwersiteti bilen koronawirus bilen bagly geçiren synaglarynyň 2-nji tapgyryna sentýabr aýynda meýletinleriň birinde ýüze çykan newrologiki meseleler sebäpli ABŞ-da arakesme berilipdi.   

Bir sanjymyň adamlar tarapyndan giňden ulanylmagy üçin synaglaryň 3-nji tapgyrynda adamlaryň üstünde synagdan geçirilmegi hökmany. 



Degişli Habarlar