Putin, ABŞ-nyň Täze Prezidentini Gutlamak Üçin Saýlawyň Resmi Netijelerine Garaşýar

"Amerikanyň halkynyň täze prezidenti üçin beren sesine sarpa goýarys"

1524530
Putin, ABŞ-nyň Täze Prezidentini Gutlamak Üçin Saýlawyň Resmi Netijelerine Garaşýar

 

Russiýanyň, ABŞ-da 3-nji noýabrda geçirlen prezident saýlawynyň ýeňijisini gutlamak üçin saýlawyň resmi netijelerine garaşýandygy nygtaldy.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, paýtagt Moskwada metbugata beren beýannamasynda, döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň ABŞ-nyň 46-nji prezidentligine saýlanan Jo Baýdeni näme üçin gutlamandygy hakyndaky soraglara jogap berdi.

Russiýanyň, Amerikanyň halkynyň täze prezidenti üçin beren sesine sarpa goýjakdygyny nygtan Peskow, “ABŞ-nyň nobatdaky prezidenti bilen gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrmagy umyt edýäris. İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarymyz howpsyzlyk we durnuklylyk bilen birlikde birnäçe ugur taýdan diňe iki ýurduň halklaryny däl, eýsem tutuş dünýäni gyzyklandyrýar” diýdi.

Putiniň, prezidentlige saýlanandygy habar berlen Baýdeni näme üçin gutlamandygy hakynda durup geçen Peskow, “Saýlawyň resmi netijelerine garaşmagyň has ýerlikli boljakdygy barada pikir edýäris” diýdi.

Peskow, Putiniň Donald Trampy ozalky saýlawyň yzy ýanyndan gutlandygynyň ýatladylmagy sebäpli “Arada uly tapawut war. ABŞ-nyň häzirki prezidenti bilşiňiz ýaly saýlawlar hakynda kazyýete ýüz tutjakdyklaryny aýtdy. Şol sebäpli hem ýagdaý tapawutly” diýdi.



Degişli Habarlar