Eýran Baýdeni Ýadro Ylalaşygyna Goşulmaga Çagyrdy

Eýran ABŞ-da prezident saýlawynda üstün çykan Jo Baýdeni ýadro ylalaşygyna gaýtadan goşulmaga çagyrdy

1523841
Eýran Baýdeni Ýadro Ylalaşygyna Goşulmaga Çagyrdy

Eýranyň Prezidentiniň birinji orunbasary İshak Jahangiri resmi Twitter hasabyndan Demokrat dalaşgär Jo Baýdeniň ABŞ-da prezident saýlawynda üstünlik gazanmagy mynasybetli habarnama berdi.

ABŞ-da geçirilen saýlawdan soň Donald Trampyn söweşiň tarapyny tutýan egindeşleriniň döwrüniň geçendigini ýatladan Jahangiri: “Daşky gurşawy goramak hakyndaky halkara şertnamalardan çekilmek, Eýrana garşy sanksiýalar we rasizm Trampyň alyp barýan syýasatynyň aýratynlyklarydy” diýdi.

Eýrana goýulan sanksiýalar sebäpli derman serişdeleriniň üpjün edilmeginde çekilen kynçylyklary, başdan geçirilen ykdysady çökgünligi we Kasym Süleýmaniniň öldürilmegini ýatdan çykarmajakdyklaryny beýan eden Jahangiri, Baýdeniň ýolbaşçylyk etjek hökümeti barada bolsa: “ABŞ-nyň meçew beriji syýasatynyň üýtgejekdigini tama edýärin. ABŞ-nyň kanunlary berjaý etmegini, halkara şertnamalara gaýtadan goşulmagyny we halklara sarpa goýmagyny arzuw edýärin” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar