ABŞ-da Bolan Ýaragly Çaknyşykda 4 Adam Ýogaldy

Howpsyzlyk güýçleri vakada 4 adamyň ýogalandygyny we 3 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi

1522156
ABŞ-da Bolan Ýaragly Çaknyşykda 4 Adam Ýogaldy

 

ABŞ-nyň Newada ştatynyň Henderson şäherinde bolan ýaragly çaknyşykda 4 adam ýogaldy.

Içeri işler müdürliginden berlen beýannamada, howpsyzlyk güýçleriniň, binalardan birinde ýaragyň sesiniň eşidilendigi barada gelip gowşan habardan soň wakanyň başdan geçirlen ýerine gidendigi nygtaldy.

Howpsyzlyk güýçleri vakada 4 adamyň ýogalandygyny we 3 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Wakada ýogalanlaryň şahsyýeti barada bolsa maglumat berilmedi.

 


Etiketkalar: #ştat , #ABŞ , #çaknyşyk

Degişli Habarlar