Gruziýada oppozisionerler umumy saýlawlaryň netijelerini protest etdiler

Saýlawyň netijesine görä 9 syýasy partiýanyň parlamente girmegine garaşylýar

1519809
Gruziýada oppozisionerler umumy saýlawlaryň netijelerini protest etdiler

Gruziýada 31-nji oktýabrda geçirilen umumy saýlawlaryň netijesini kabul etmeýän oppozisioner partiýalaryň tarapdarlary, ýurdyň paýtagty Tbiliside demonstrasiýa geçirip, möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi barada çagyryş berdiler. 

Gruziýanyň Merkezi Saýlaw komissiýasynyň beýan eden resmi bolmadyk netijäni protest eden oppozisioner partiýalaryň ýolbaşçylyk etmegindäki müňlerçe adam köçelere çykdylar. 

Ýurdyň paýtagty Tbilisi şäherinde parlament binasynyň öňünde geçirilen demonstrasiýada çykyş eden oppozisioner partiýalaryň liderleri, hökümeti saýlawlaryň netijesine täsir ýetirmek bilen günäkärlediler. 

Oppozisioner partiýalaryň wekilleri saýlawlaryň netijesini kabul etmeýändiklerini, parlamente girmejekdiklerini we möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegini talap edýändiklerini beýan etdiler. Oppozisioner partiýalar şeýle hem halkara jemgyýeti hem saýlawlaryň netijesini kabul etmezlige çagyrdylar. 

Oppozisioner partiýalar 8-nji noýabrdan başlap talaplaryny, ýurdyň paýtagty Tbiliside geçirjek uly protestlerde gaýtalajakdyklaryny habar berdiler. 

150 deputaty kesgitlemek maksady bilen geçirilen umumy saýlawda, resmi bolmadyk netijä görä hökümetiň başyndaky Gürji hyýal partiýasy sesleriň 48,01 göterimini alyp 1-nji bolan bolsa, oppozisioner partiýa bolan Birleşen Milli hereketiň ýolbaşçylyk etmegindäki Birleşen Milli hereket-Birleşen oppozisiýa saýlaw blogy bolsa sesleriň 27,12 göterimini alyp 2-nji boldy. 

Saýlawyň netijesine görä 9 syýasy partiýanyň parlamente girmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar