ABŞ materikara ballistik raketa synagyny geçirdi

ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň Global hüjüm serkerdeligi synag bilen bagly beýanat berdi

1518897
ABŞ materikara ballistik raketa synagyny geçirdi

ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň Global hüjüm serkerdeligi, ýadro beýogolowka daşap bilýän materikara ballistik raketa bolan "Minuteman III"-iň synagdan geçirilendigini habar berdi. 

Serkerdelik tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Kaiforniýadaky Wandenberg howa bazasynda geçirilen synagda materikara ballistik raketada ýadro boýegolowkanyň bolmandygy mälim edildi. 

Ballistik raketa synagynyň ABŞ-nyň ýadro güýjüniň howpsyz, täsirli we 21-nji asyryň howplaryny ortadan aýyryp biljek ýagdaýdadygyny görkezendigi bellenen beýanatda: "Materikara ballistik raketanyň atmosfera gaýdyp geliş enjamy, Kwažalein adasyna çenli takmynan 4 müň 200 mil ýol geçdi" diýip aýan edildi. 



Degişli Habarlar