Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 186 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronawirus epidemiýasyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 32 million 996 müň adama ýetdi

1518448
Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 186 müň adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 186 müň adama, wirusa ýoluganlaryň sany 45 million 348 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 32 million 996 müň adama ýetdi. 

Hindistanda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 121 müň 131 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 8 million 88 müň adamdan geçdi. 

Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 34 müň 113 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 596 müň 941 adama ýetdi. 

Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 27 müň 301 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 million 581 müň adama ýetdi. 

Yrakda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 10 müň 815 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 467 müň 755 adamdan geçdi. 



Degişli Habarlar