Eýran ýurdyň demirgazyk-günbataryndaky harby güýjüni artdyrýar

Eýranyň Ynkylap goragçylaryna degişli Guryýer güýçleriniň serkerdesi Muhammed Pakpur, beýanat berdi

1515642
Eýran ýurdyň demirgazyk-günbataryndaky harby güýjüni artdyrýar

Eýranyň Ynkylap goragçylaryna degişli Guryýer güýçleriniň serkerdesi Muhammed Pakpur, ýurdunyň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklaryň başdan geçirilýän sebitine harby güýç üýşürýändigini habar berdi. 

Serhet zolagyndaky serhet birikmelerine gözegçilik işlerini geçiren mahaly Eýranyň döwlet telewideniýesine beýanat beren Pakpur: "Sebitdäki Ynkylap goragçylaryna degişli Guryýer güýçleriniň artdyrylyş işleri, gerek bolan halatynda ýene-de artdyrylar" diýip mälim etdi. 

Pakpur, esgerleriň we harby enjamlaryň artdyrylyş işleriniň maksadynyň, Eýranyň halkyna sebitdäki hadysalary ýakyndan gözegçilik edýändikleri barada ynam döretmek we geosyýasy serhetleriň üýtgemegine garşydyklaryny orta goýmakdan ybaratdygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar