Ermenistanyň Premýer Ministri Nikol Paşinýan Raýatlaryny Söweşmäge Çagyrdy

Paşinýan, raýatlaryny söweşmäge çagyrdy we Daglyk Garabag meselesiniň häzirki ýagdaýda diplomatiýa taýdan çözülip bilinmejekdigini aýtdy

1513648
Ermenistanyň Premýer Ministri Nikol Paşinýan Raýatlaryny Söweşmäge Çagyrdy

 

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, raýatlaryny söweşmäge çagyrdy we Daglyk Garabag meselesiniň häzirki ýagdaýda diplomatiýa taýdan çözülip bilinmejekdigini aýtdy.

Nikol Paşinýan, Fajebook arkaly beren habarnamasynda, Daglyk Garabagda Ermenistanyň hüjümleri sebäpli başlan we Azerbaýjanyň goşunlarynyň köp sanly ilatly ýeri basyp alyşlykdan halas eden operasiýasy barada maglumat berdi.

Daglyk Garabag meselesiniň häzirlikçe diplomatiýa taýdan çözülip bilinmejekdigini öňe süren Paşinýan, “Meseläniň birnäçe wagtlap diplomatiýa taýdan çözülip bilinmejekdigine göz ýetirmelidiris” diýdi.

Ermenistanyň goşunlarynyň agyr ýitgi çekendigi sebäpli halky söweşmäge çagyran Paşinýan “Mesele diplomatiýa taýdan çözülýänçä ähli raýatlar ellerine ýarag alyp söweşmeli. Daglyk Garabagdaky işewürler we talyplar, Daglyk Garabaga gelip goşunyň hatarynda söweşmeli”diýdi.

Azerbaýjanyň goşunlary, basyp alyşlyk astyndaky territoriasyny halas etmek üçin 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynda häzire çenli 3 şäher bilen 1000-den gowrak obany halas etdi.



Degişli Habarlar