Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 114 müň 642 adama ýetdi
Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 million 550 müň 273 adamdan geçdi
Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 118 müň 400 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 40 million 287 müň 379 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 30 million 121 müň 712 adama ýetdi.
Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 114 müň 642 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 million 550 müň 273 adamdan geçdi.
Eýranda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 30 müň 375 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 530 müň 380 adama ýetdi.
Epidemiýa sebäpli Russiýada şu günki güne çenli 24 müň 187 adama ýogaldy. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 million 399 müň 334 adama ýetdi.
Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 39 müň 725 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 652 müň 981 adama ýetdi. Afrikada kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 18 müň 408 adama, Müsürde 6 müň 109 adama, Marokkoda bolsa 2 müň 928 adama ýetdi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.