“Ýekşenbe Gününden Başlap Islän Ýurdumyza Ýarag Satyp We Alyp Bileris”

Hasan Ruhani, ýurduna goýlan ýarag embargosynyň möhlediniň 18-nji oktýabrda gutarjakdygyny nygtady

1508923
“Ýekşenbe Gününden Başlap Islän Ýurdumyza Ýarag Satyp We Alyp Bileris”

 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýurduna goýlan ýarag embargosynyň möhlediniň 18-nji oktýabrda gutarjakdygyny nygtady.

Paýtagt Tähranda geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinde söz sözlän Prezident Hasan Ruhani, 18-nji oktýabrda möhledi gutarýan BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi tarapyndan Eýrana goýlan ýarag embargosy hakynda durup geçdi.

Ýadro ylalaşygyna görä, 18-nji oktýabrdan başlap Eýrana goýlan we 10 ýyl dowam eden ýarag embargosynyň möhlediniň gutarjakdygyny ýatladan Ruhani, “Ýekşenbe gününden başlap islän ýurdumyza ýarag satyp we islän ýurdumyzdan ýarag alyp bileris. Bu meselede 4 ýyldan bäri ABŞ-na garşy göreşdik, sebäbi olar ýarag embargosynyň bes edilmegini islemeýärdi” diýdi.

Ýurtdaky ykdysady kynçylyklar barada hem durup geçen Ruhani “Halkymyz ykdysady taýdan uly basyş astynda. Hökümet halkyň esasy mätäçlikleriniň giderilmegi üçin elinden geleni edýär” diýip belledi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi, 2010-njy ýylda kabul eden karary bilen, Eýranyň ýadro maksatnamasy baradaky jedelleşikler sebäpli ýurduň uly göwrümli ýarag satyn almagyny we eksport etmegini gadagan edipdi.

Eýran bilen halkara güýçleriň arasynda 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygynda 2020-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Eýrana goýlan ýarag embargosynyň bes edilmegi göz öňünde tutulýar.

ABŞ, 2018-nji ýylda ýadro ylalaşygyndan çekilipdi.



Degişli Habarlar