ABŞ we Ysraýyl Harby-howa türgenleşigini geçirdiler

Ysraýylyň inwentarynda 16 sany F-35 uçary bar

1509313
ABŞ we Ysraýyl Harby-howa türgenleşigini geçirdiler

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi (SENTKOM), ABŞ-e degişli F-35 uçarlarynyň Ysraýyla degişli F-35 uçarlar bilen birlikde Ysraýylyň howa giňişliginde umumy harby türgenleşik geçirendigini habar berdi. 

SENTKOM-yň Harby-howa güýçlerinden (AFSENT) berilen ýazmaça beýanatda, ABŞ-Ysraýyl Harby howa güýçleri tarapyndan şu ýyl 3-nji gezek geçirilýän we F-35 uçarlarynyň gatnaşýan "Enduring Lightening III" atly harby türgenleşigiň tamamlanandygy mälim edildi. 

Beýanatda tanker we radar uçarlary bilen birlikde F-16 uçarlarynyň türgenleşikde duşman uçarlary hökmünde rol alandygy aýan edildi. 

Ysraýylyň inwentarynda 16 sany F-35 uçary bar. 


Etiketkalar: #F-35 , #Ysraýyl , #ABŞ

Degişli Habarlar