Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 1 million 66 müň 800 adamdan geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 27 million 671 müň adamdan geçdi

1505769
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 1 million 66 müň 800 adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 66 müň 800 adamdan geçdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 36 million 755 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 27 million 671 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 964 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 106 müň 490 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 70 müň 496 adamlyk artyş bilen 906 müň 151 adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 37 müň 452 adama, Kovid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 556 müň 17 adama ýetdi. 

Afrika materiginde iň köp adam ýitgisi çeken ýurtlaryň başynda 17 müň 408 adam bilen Günorta Afrika Respublikasy gelýän bolsa, ondan soň 6 müň 17 adam bilen Müsür, 2 müň 468 adam bilem Marrokko döwletleri gelýär. 

Wirusa ýoluganlaryň sany bolsa Günorta Afrika Respublikasynda 686 müň 891 adama, Marokkoda 142 müň 953 adama we Müsürde 104 müň 156 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar