ÝB Bilen Türkiýe Wiza Erkinligini Dekabr Aýynda Ara Alyp Maslahatlaşar

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel ÝB bilen Türkiýäniň dekabr aýynda wiza erkinligini ara alyp maslahatlaşjakdynyny beýan etdi

1501851
ÝB Bilen Türkiýe Wiza Erkinligini Dekabr Aýynda Ara Alyp Maslahatlaşar

Merkel ÝB-niň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen liderler sammitinden soň guralan metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Türkiýe boýunça netijeli dialogyň dowam etmegiň möhümdigine ünsi çeken Merkel; “Türkiýe bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny isleýäris. Soňky günlerde Prezident R.T.Erdogan bilen birnäçe gezek gepleşik geçirdim. Gatnaşyklaryň kadalaşmagy iki tarap üçin hem bähbitli. Dekabr aýynda wiza erkinligi boýunça pikir alyşylar” diýdi.

Türkiýäniň ÝB-ne goňşy we NATO agzadygyna ünsi çeken Merkel, wiza erkinligi boýunça dekabr aýyna çenli gowy taýarlyk görülmelidigini nygtady.

Angela Merkel Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky migrasiýa hakyndaky ylalaşygyň täze derejä göterilmegi, Gümrük bileleşigi hakyndaky ylalaşygyň giňeldilmegi we ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlarynyň giňeldilmegi ýaly meseleleri Türkiýe bilen ara alyp maslahatlaşmak isleýändiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar