Russiýa, ABŞ we Fransiýa, Azerbaýjan bilen Ermenistany Gepleşiklere Çagyrdy

Russiýa, ABŞ we Fransiýa, Azerbaýjan bilen Ermenistany Daglyk Garabag meselesiniň çözülmegi boýunça gepleşiklere başlamaga çagyrdy

1501086
Russiýa, ABŞ we Fransiýa, Azerbaýjan bilen Ermenistany Gepleşiklere Çagyrdy

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannama görä Prezident Wladimir Putiniň ýany bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Fransiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Emmanuel Makron Daglyk Garabagdaky ýagdaýlar hakynda bilelikde beýannama berdi.

Beýannamada; “ÝHHG-nyň Minsk toparyna girýän ýurtlara wekilçilik edýän Putin, Tramp we Makron Daglyk Garabag sebitinde aragatnaşyk zolagyndaky çaknyşyklaryň möwjemegini  berk ýazgarýar” diýilýär.

Ölenleriň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirilýän beýannamada: “Taraplary çaknyşyklary dessine bes etmäge çagyrýarys. Ermenistanyň we Azerbaýjanyň hökümetlerini ÝHHG-nyň egindeş ýolbaşçylarynyň goldawy bilen haýsydyr bir şertsiz çözgüt üçin gepleşikleri ýaňadandan başlamak boýunça jogapkärçilikli çemeleşmäge çagyrýarys"”diýilýär.

ÝHHG-nyň Minsk topary Ermenistan-Azerbaýjan düşnüşmezliginiň we Garabag meselesiniň parhatçylykly ýollardan çözülmegini höweslendirmek we taraplaryň arasynda töwellaçy bolmak maksady bilen 1992-nji ýylda döredilipdi.

Egindeş ýolbaşçyly Russiýa, Fransiýa we ABŞ tarapyndan ýerine ýetirilýän Minsk topary aradan geçen 28 ýylda ençeme başlangyçlaryna garamazdan Daglyk Garabag meselesiniň çözülmegi üçin anyk netije gazanyp bilmedi.

 



Degişli Habarlar