Maýk Pompeo Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
1498356
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berilen beýanatda, telefon söhbetdeşliginiň barşynda Transatlantik hyzmatdaşlygy, Gündogar Ortaýer deňizindäki ýagdaý bilen NATO-nyň jebisliginiň ähmiýetiniň maslahatlaşylandygy habar berildi.
Beýanatda, Maýk Pompeonyň türk we grek liderleriň gepleşiklere başlajakdyklary baradaky beýanatlaryna hoşallyk bildirýändikleri we dartgynlygyň azaldylmagy üçin çagyryş berýändikleri aýan edildi.