ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Gresiýada Saparda Bolýar

Maýk Pompeo, Salonik şäherinde Gresiýanyn Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen duşuşdy

1498614
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Gresiýada Saparda Bolýar

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Gresiýa guraýan saparynyň çäginde Salonik şäherinde Gresiýanyn Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda goranyş we energetika pudagynda edilýän hyzmatdaşlyk bilen birlikde Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeonyň saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda ylym we tehnalogiýa pudagynda hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan şertnamalara gol çekişilmegine garaşylýar.

Beýleki tarapdan Pompeonyň saparyna garşy Salonik şäherinde protest ýörüşi geçirler.

Salonikden soň Kryt Adasynda Premýer ministr Mirýakos Miçotakis bilen agşam naharynda duşuşjak Pompeo, ertir irden Krytdaky Suda portuna barar.



Degişli Habarlar