ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 209 müň 177 adama ýetdi

ABŞ-da Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 7 million 287 müň 593 adama ýetdi

1497991
ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 209 müň 177 adama ýetdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 999 müň 87 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 33 million 83 müň adama, saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany bolsa 24 million 441 müň adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 209 müň 177 adamyň ýogalan ABŞ-da Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 7 million 287 müň 593 adama ýetdi. 

Braziliýada koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 904 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 141 müň 441 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 28 müň 502 adam artyp, 4 million 718 müň 115 adama ýetdi. 

Meksikada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 399 adam artyp, 76 müň 243 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 5 müň 573 adamlyk artyş bilen, 726 müň 431 adama ýetdi. 

Epdemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 34 adam artyp, 41 müň 971 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 6 müň 42 adamlyk artyş bilen 429 müň 277 adama ýetdi. 

Italiýada soňky 24 sagatda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 17 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 35 müň 818-e ýetdi. Ülkede wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 müň 869 adamlyk artyş bilen 308 müň 104 adama ýetdi. 

Fransiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 39 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli jemi ýogalanlaryň sany 31 müň 700 adama ýetdi. Fransiýada wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 14 müň 412 adamlyk artyş bilen 527 müň 446 adama ýetdi. 

Adam ýitgisi 872-ä, wirusa ýoluganlaryň sany 27 müň 33 adama ýeten Awstraliýada, Kovid-19 sebäpli iň köp adam ýitgisini çeken we wirusa ýoluganlaryň sany boýunça beýleki ştatlardan köp bolan ýurdyň Wiktoriýa ştatynda öňüni alyş çäreleriň gerimi gowşadyldy. 


Etiketkalar: #Meksika , #Braziliýa , #ABŞ

Degişli Habarlar