“NATO Dialog Üçin Platforma Bolup Durýar”

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg Prezident Erdogan bilen telefon söhbetdeşliginden soň habarnama berdi

1496498
“NATO Dialog Üçin Platforma Bolup Durýar”

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg Türkiýe bilen Gresiýanyň möhüm hyzmatdaşlar hökmünde häsýetlendirip, alýansyň dialog üçin möhüm platforma bolup durýandygyny beýan etdi.

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg Prezident R.T.Erdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginden soň Twitter hasabynda habarnama berdi.

Prezident Erdogan bilen Gündogar Ortaýer deňizindäki şertler bilen islenmeýän wakalaryň we heläkçilikleriň öňüni almak üçin NATO-daky tapawutlandyryş usullary boýunça dowam edýän tagallalar hakynda pikir alyşandygyny beýan eden Stoltenberg: “Hem Türkiýe hem Gresiýa möhüm hyzmatdaşlar. NATO dialog üçin platforma bolup durýar” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar