Fransiýanyň Prezidenti BMG-de Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Emmanuel Makron: "Türkiýä hormat goýarys we Türkiýe bilen dialoga taýardyrys" diýip belledi

1495693
Fransiýanyň Prezidenti BMG-de Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasyna täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Gündogar Ortaýer deňizinde çaknyşyk howpunyň öňüniň alynmagy we halkara hukuga hormat goýulmagy üçin täsirli diýalogyň gerekdigini bellän Emmanuel Makron, Korsikada geçirilen ÝB-e agza Günorta Ýewropa ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahatynda bu çagyryşyň berilendigini ýatlatdy. 

Emmanuel Makron: "Türkiýä hormat goýarys we onuň bilen dialoga taýardyrys. Biz Ýewropalylar dialoga taýardyrys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar