Koronawirus dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýäde koronawirus epidemiýasyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 22 million 843 müň adamdan geçdi.

1494526
Koronawirus dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 965 müň 328 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 31 million 259 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 22 million 843 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 1 müň 157 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 87 müň 909 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 86 müň 961 adamlyk artyş bilen 5 million 487 müň 580 adama ýetdi. Ýurtda syýahatçylaryň iň köp gelip görýän ýerleriniň biri bolan we epidemiýa sebäpli ýapylan taryhy Taç Mahal, 6 aý arakesmden soň ýaňadandan açyldy. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 19 müň 489 adamyň ýogalan Russiýada soňky 1 günde ýene-de 6 müň 196 adamyň hasaba alynmagy bilen, ýurtda Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 1 million 109 müň 595 adama ýetdi. 

 Yrakda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 64 adam artyp, 8 müň 555 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 müň 438 adamlyk artyş bilen 319 müň 35 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 297 adamyň ýogalan Liwanda, gündelik wirusa ýolugýan adamlaryň sany 1 müň adamdan geçdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 1006 adam artyp, 29 müň 303 adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 34 müň 8 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 million 413 müň 416 adama ýetdi. 

Afrikada Kovid-19 sebäpli iň köp adam ýitgisi 15 müň 953 adam bilen Günorta Afrika Respublikasynda, 5 müň 770 adam bilen Müsürde we 1830 adam bilen Alžirde hasaba alyndy. 

Kovid-19-a ýolugan adamlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 661 müň 211-e, Müsürde 102 müň 15-e we Marokkoda 101 müň 743 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar