Birleşen Arap Emirliklerinde Koronawirus Sebäpli 83 Müň 433 Adam Hasaba Alyndy
Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 30 million 641 müň, wirusy ýeňenleriň sany 22 million 262 müň adamdan geçdi
Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 955 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 30 million 641 müň, wirusy ýeňenleriň sany 22 million 262 müň adamdan geçdi.
Marokkoda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 41 adam artyp 1755, wirusa ýoluganlaryň sany 2 müň 760 adam artyp 97 müň 264 adama ýetdi.
Günorta Afrika Respublikasynda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 5 müň 857, hasaba alynan kesellileriň sany 657 müň 627 adama ýetdi.
Koronawirus Iordaniýada 29 adamyň ýogalmagyna, 4 müň 344 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.
Birleşen Arap Emirliklerinde koronawirus sebäpli 403 adam ýogaldy, 83 müň 433 adam hem hasaba alyndy.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.